Aşgabatda Türk kofesiniň bütindünýä güni bellendi

MilliInfo

7 Dekabr, 2025

5-nji dekabrda Aşgabatda ýüzýyllyklaryň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň milli buýsanjyna hem-de myhmansöýerliginiň simwolyna öwrülen lezzetli içginiň — Türk kofesiniň bütindünýä güni bellenildi.

Bu sene mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy gadymy kofe dessurynyň hem-de onuň medeni manysynyň çuňlugyna aralaşmak üçin uly mümkinçilik döredýän dabaraly çäre geçirdi. Oňa myhmanlaryň ençemesi çagyryldy.  

Dabaraly çärede çykyş eden Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok türk kofesiniň eýýäm ýüzýyllyklaryň dowamynda halkyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini belledi. Ol resmi duşuşyklardan başlap, dostlukly söhbetlere çenli her bir ýerde giňden ulanylýar.    

Ol meşhur türk aýtgysyny ýatlady: «Bir çaşka kofe kyrk ýyly ýatladar». Şeýle hem bu dessuryň 2013-nji ýylda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň onuň taryhy we medeni gymmatlyk bolup durýandygyny tassyklaýandygyny nygtady.  

«Şu günki türk kofesi — bu adamlaryň özara düşünişmegine kömek edýän halkara derejesindäki haýyrly hem-de dostlukly aragatnaşygyň dili» — diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Türk kofesi — ýöne bir içgi däl, ol gözbaşyny Osman imperiýasy döwründen alyp gaýdýan kämil aragatnaşyk filosofiýasy. Takmynan XVI asyryň ortalarynda ony «jezwa» diýlip atlandyrylýan ýörite gapda ýuwaşlyk bilen howlukman taýýarlamak usuly soltanlaryň, alymlaryň hem ýazyjy-şahyrlaryň göwnünden turupdyr.

Şol döwrüň kofehanalary täze ideýalaryň, çuň mazmuna ýugrulan söhbetleriň hakyky mesgeni hökmünde özboluşly jemgyýetçilik institutyny emele getirýän ajaýyp merkeze öwrülipdir.  

Kofe taýýarlamak boýunça ussatlyk sapagy we onuň tagamyny dadyp görmek mümkinçiliginiň döredilmegi çäräniň kulminasiýasy boldy. Myhmanlar diňe bir ajaýyp içgini synag hökmünde içip görmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň döreýşiniň jikme-jikliklerini hem öwrenmek mümkinçiligine eýe boldular.

Türk kofesiniň bütindünýä gününiň Aşgabatda nobatdaky gezek bilelikde baýram edilmegi doganlyk ýurduň nesilden-nesle geçip gelýän möhüm gymmatlyklaryna goýulýan hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo