Londonda türkmen-britan bilim hyzmatdaşlygynyň binýadyny emele getirýän resminamalara gol çekildi

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäklerinde Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze amaly maksatlara gönükdirilen derejä çykarýarlar.

Şunda hyzmatdaşlyk boýunça dört resminama gol çekilmegi halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de öňdebaryjy bilim tejribelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň durnukly mehanizmlerini döretmek boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň netijesi boldy.

Bu ylalaşyklaryň milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary bilen doly utgaşýandygyny, şeýle hem Türkmenistanda 2026–2052-nji ýyllar üçin ýokary hünär bilimini ösdürmegiň strategiýasynyň, ony durmuşa geçirmegiň 2026–2030-njy ýyllar üçin tassyklanan Maksatnamasynyň, Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini aýratyn bellemek gerek. 

Dört resminama amaly hyzmatdaşlygyň özara baglanyşykly dört ugruny kesgitleýär. 

  • 1) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «Pearson» kompaniýasynyň arasynda endikleriň sertifikasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama. 

«Pearson» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk halkara derejesinde ykrar edilen kärler we sertifikasiýa ulgamynda häzirki zaman çözgütleriň ornaşdyrylmagyna, şol sanda bahalandyrmalaryň we synaglaýyn dolandyryşyň sanly formatlaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu hyzmatdaşlygyň amaly ugry okuwyň netijelerini ölçemäge, okatmagyň maksatnamalaryny gowulandyrmak üçin «gaýdym arabaglanyşygy» döretmäge we uçurymlaryň hünär ygtybarlylyklarynyň halkara derjesinde ykrara edilmegine ýardam berýän synag mehanizmlerini işe girizmekden ybaratdyr.  

  • 2) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «AQA Global Assessment Services Ltd» kompaniýasynyň arasynda bilim ulgamynda bahalandyrma boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama. 

«AQA» kompaniýasy bilen baglaşylan resminama mekdep bilimi, zerur bolan ýagdaýynda hünär bilim derejesinde bahalandyrmagyň hilini ýokarlandyrmagyň binýadyny döredýär: bahalandyrmak boýunça hünärmenleriň ygtybarlylyklaryny ösdürmek, gözegçilik materiallaryny işläp taýýarlamaga çemeleşmeleri kämilleşdirmek, netijeleriň aýdyňlyk we deňeşdirip bolmak derejesini ýokarlandyrmak. Bu ugur umumy orta bilimde dersleri okatmagy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de hili dolandyrmakda subutnamalara esaslanýan çemeleşmäni güýçlendirmegiň wezipeleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu ugur Türkmenistanda umumy orta bilimi döwrebaplaşdyrmagyň we esasy wezipesi bahalandyrmagyň bitewi, düşnükli hem-de durnukly standartlaryny ornaşdyrmak, okatmagyň netijelerini ölçemek ulgamynda milli ekspertizany ösdürmek bolup durýan okatmagyň hilini ölçemegiň has aýdyň, subutnamalara daýanýan we deňeşdirip bolýan çemeleşmelerine geçilmeginiň çäklerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.  

  • 3) Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen «Norwich Institute for Language Education (NILE)» (Norwiç dil bilimi institutynyň) atly ýokary bilim ojagynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama

«NILE» bilen hyzmatdaşlyk mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly maksatnamalary durmuşa geçirmekden, okatmagyň usulyýetini ösdürmekden hem-de mugallymlaryň durnukly hünär jemgyýetlerini döretmekden ugur alýar. Bu ugurda, esasan, okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly gurallara, şol sanda iňlis diliniň okadylyşyny kämilleşdirmäge berilýär, şeýle hem üznüksiz hünär ösüşiniň (CPD) we halypaçylygyň nusgalaryny ornaşdyrmaga üns berilýär. 

 

  • 4) Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen «Nottingham Trent University» (Nottingem Trent uniwersitetiniň) ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

«Nottingham Trent University» bilen baglaşylan resminama Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Resminamanyň çäklerinde bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, işgärleri taýýarlamagyň amaly ugurlaryny ösdürmek, akademiki alyş-çalyşlary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak hem-de taýýarlygyň amaly ugra gönükdirilen düzüm bölegini güýçlendirmek göz öňünde tutulýar. Bu hyzmatdaşlyk ýokary okuw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de bilim maksatnamalarynyň halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda ulgamlaýyn wezipeleriň üstüni ýetirýär.  

Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew Beýik Britaniýanyň bilim ulgamynyň öňdebaryjy guramalarynyň («Pearson», «AQA», «NILE» we «Nottingham Trent University») wekilleri bilen maksatlaýyn gepleşikleri geçirdi.

Ylalaşylan işleri amala aşyrmak maksady bilen bilelikdäki iş toparlaryny döretmek, tehniki tabşyryklary hem-de (synag tertibinde iş geçirjek edaralaryň, görkezijileriň, möhletleriň we jogapkär taraplaryň görkezilmeginde) tapgyrlaýyn ýol kartasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.  

Gol çekilen resminamalar taraplaryň hyzmatdaşlygy yglan etmek bilen çäklenmän, eýsem bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, adam maýasyny ösdürmäge we Türkmenistanyň uzak möhletleýin strategik wezipelerine ýetmäge gönükdirilen anyk bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taraplaryň taýýardygyny tassyk edýär. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info