Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde künji hasyly 560 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirildi. Ortaça hasyllylyk her gektardan on sentner boldy. Bu gymmatly önümiň esasy öndürijileriniň arasynda Köneürgenç we S.Türkmenbaşy etraplarynyň daýhanlary-da bar.
Künji ösdürip ýetişdirmegiň baý taryhy bolan bu sebitde daýhanlar ekiş üçin iň amatly ýerleri saýlamaga çalyşýarlar. Künji topragyň düzümini kän bir saýlap durmaýan hem bolsa, has bol hasyly mes topraklarda berýär. Bu ekin guraklyga çydamly hasaplanýar, ol yssyny halaýar, şonuň üçin-de, ösüş möwsüminiň tutuş dowamynda oňa güneşli howa gerek bolýar. Ýokary hasyl almak üçin ekiş serişdelerini saýlamak we topragy ekişe taýýarlamak diýseň möhümdir. Ýerli daýhanlar künjiniň ýaglylygy ýokary bolan görnüşlerini saýlamaga çalyşýarlar.
Sebitde künji ýagyna has köp gadyr goýulýar. Künji ýagy palawa diňe bir aýratyn tagam bermek bilen çäklenmän, eýsem, saglyga-da örän peýdalydyr. Käbir düzüm bölegi boýunça ol, hatda, zeýtun ýagyndan-da ýokary hasaplanýar. Ýerli ilat bu ýagyň melhem häsiýetiniň bardygyna-da ynanýar. Ýag öndürilende emele gelýän künjaranyň gymmatly mal iýmidigini we künji tohumynyň bolsa konditer önümlerinde we azyk senagatlarynyň beýleki pudaklarynda, şeýle hem halk lukmançylygynda ulanylýandygyny bellemelidiris.

