Ýaldyrak döwri başlandy

MilliInfo

15 Awgust, 2025

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça Ýaldyrak döwri başlandy. Aralyk we Üçýyldyz döwri ahyry öz ornuny daýhany-da, maldary-da synaga goýýan Ýaldyraga berdi. Ýaldyrak dogmazyndan birnäçe gün öň we onuň yz ýanyndan jöwzaly yssynyň derejesi has-da ýokarlanýar. «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýen sözler munuň mysalydyr.

Üçýyldyz döwrüniň soňky günleri awgust aýynyň birinji ongünlügine gabat gelýär. Şol döwrüň yssy we gurak howa dessine ornuny çygly, salkyn howa beresi gelenok. Ine, şol wagtyň yssy howasy bolsa «Ýaldyragyň ýangyny» diýilýän günler bolup, uzak dowam etmeýän jöwza daýhany-da, maldary-da alada goýýar. Muňa garamazdan, Ýaldyragyň dowam edýän günlerinde gowaça hasyl toplaýar. Yssy günlerde gowaçanyň toplaýan hasylynyň süýüminiň hili-de ýokary bolýar.

Elbetde, Ýaldyrak döwründe howa birden salkynlaşyp gidibermeýär. Onuň entäkler yssy günleri bardyr. Ýöne welin, onuň yssy günleriniň aňyrsy görnüp dur, Üçýyldyz döwründäki ýaly uzak dowam etmeýär. Aýratyn-da, çigrekli gijeler güýzüň uzakda däldigini ýatladýar.

Ýaldyrak Gün ulgamyndaky has ýagty ýyldyzlaryň biridir. Ol Gün ulgamyna golaýlygy boýunça ýyldyzlaryň arasynda ýedinji orny eýeleýär. Astronomlaryň ylmy çaklamalary boýunça Ýaldyrak ýyldyzy gabarasy, agramy we gyzgynlygy babatda Günden iki esse ýokarydyr. Ol bary-ýogy 40 gün dowam edýär. Şol günler gijelerine çyg düşüp, howa birneme salkynlaýar. Ýaldyrak dogandan soň, çarwanyň-da, daýhanyň-da aladasy artýar. Çarwa güýz gyrkymyna girişýär. Daýhan bolsa şu döwürde bugdaý ekişine taýýarlanyp, gowaçanyň hasylyny artdyrýar. Meýdandaky bakja ekinleriniň baly goýalýar.

«Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýen pähimli sözi öz nesillerine miras goýan ata-babalarymyz Üçýyldyz döwründäki jöwzaly günlerden ýadap, Ýaldyragyň çaltrak dogmagyny isläpdirler. Daňdanlar asmanda Ýaldyrak görnerem welin, salkynjak ýel öwsüp başlar.

Ýaldyrak döwri 40 gün dowam edýär we 22-nji sentýabrda öz ornuny Mizana berýär.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo