Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda sambo we söweş sambosy boýunça Dünýä kubogy tamamlandy. Iki günläp dowam eden ýaryşyň ikinji güni hem türkmen pälwanlary üçin diýseň düşümli boldy. 21 döwletden 289 samboçyny jemlän Kubok diýseň dartgynly geçdi.
Şeýlelikde, söweş sambosyndan 64 kg agramda çykyş eden Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Sanjarbek Awazberdiýew altyn medala eýe boldy.
Ildeşlerimiz Ahmet Taňryberdiýew (58 kg) hem-de Kerim Kerimow (71 kg) bolsa söweş sambosyndan kümüş medallara eýe çykdylar. Mundan başga-da, 64 kilogram agramda göreşen Hakberdi Jumaýew sambonyň şol görnüşinden bürünç medal gazanmagy başardy.
Ýaryşyň ikinji gününde gazanylan netijeler türkmen ýygyndysynyň Dünýä kubogyndaky medallarynyň umumy sanyny 7-ä ýetirdi. Olar 1 altyn, 4 kümüş hem-de 2 bürünç medallardyr.
Ozal habar berşimiz ýaly, ildeşlerimiz abraýly bäsleşigiň birinji gününde 3 medal gazanypdylar.