Ýurdumyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçiriler

MilliInfo

28 Fewral, 2026

turkmenmetbugat.gov.tm

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şeýlelikde, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralar geçiriler.

Baýramçylyk çäreleriniň hatarynda:

  • Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ene hüwdüsi — iň kämil eser» atly dabaraly maslahatyň we serginiň;

  • Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir» atly maslahatyň we serginiň;

  • Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly serginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, teatrlarda sahna oýunlaryny, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň görkezilişini hem-de baýramçylyk konsertlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info