Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 17-nji oktýabrynda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň dünýädäki belent şan-şöhratyny, milli medeni mirasymyzy we gadymy gymmatlyklarymyzy kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli döredijilik adamlaryny ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzda dürli bäsleşikler yglan edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik munuň aýdyň beýanydyr.
Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini hem-de zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 36 ýyllyk baýramy mynasybetli 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmäge, medeni mirasymyzy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Edebiýat we sungat» gazetinde dolulygyna çap ediler.
