Düýn — 20-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara we milli tejribe öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine hem-de «Migrasiýa hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wisw-premýer B.Amanowyň hasabatynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Diýarymyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda 2026-njy ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardyr desgalar barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabaty şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada boldy.
Wise-premýer B.Seýidowa Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda beýan edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Wise-premýer M.Çakyýewiň hasabatynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky maglumatlar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.