Düýn — 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowyň hasabatynda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.
Wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowanyň şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi baradaky hasabaty diňlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna” laýyklykda, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen maksatnamalarda we konsepsiýalarda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara bilim olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň hasabatynda deňiz-derýa ulaglary pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl bolýandygyny, ýurdumyzyň hem şu ýyl hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçýändigini aýtdy we bu wakalaryň örän uly syýasy ähmiýetini belledi.
Munuň özi berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä göterýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we pursatdan peýdalanyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

