Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo

15-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa hereket edýän kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala, Ýaşaýyş jaý kodekslerine, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işler geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.

Wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabaty 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Green Ekspo — 2027» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda boldy.

Wise-premýer B.Seýidowa neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowyň hasabatynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy, «Soňky jaň» dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada beýan edildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzda 2026-njy ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, bu baýramçylygyň halkymyzyň jebisligini we agzybirligini has-da pugtalandyrýandygyny belledi. «Şoňa görä-de, Konstitusiýamyza ygrarly bolmak bilen, her bir raýatymyzyň durmuş-ykdysady bähbidini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info