«Miras» žurnaly türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy baradaky makalalaryň tapgyryny okyjylara ýetirmegi dowam etdirýär

MilliInfo

21 Ýanwar, 2026

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda milli medeni hem-de taryhy gymmatlyklarymyza häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan täzeçe baha bermekde köp sanly işler amala aşyryldy.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň halkara güni, Türkmen alabaýynyň baýramy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl mynasybetli Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

«Täze ylmy açyşlar» atly bölümde «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagy» we «Bitaraplyk — Türkmenistanyň taryhy, häzirki döwri we geljegi» atly makalalar bar. Bu makalalarda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine toplumlaýyn seljerme berilýär. Awtorlar ýurdumyzyň yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyny milli gymmatlyklara, giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga we netijeli ählumumy dialogy pugtalandyrmaga ygrarlylygy özünde jemleýän, halkyň taryhy tejribesine daýanýan ugur hökmünde häsiýetlendirýärler.

«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» atly bölümde Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň «Häzirki zaman türk dialektleri we edebiýaty» bölüminiň mugallymy Söner Saglamyň «Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserinde maşgala gatnaşyklary we nesil terbiýesi» atly makalasy ýerleşdirilipdir.

«Paryzdepäniň Änew medeniýetine degişli gatlaklary» atly makalada gadymy ilatly ýerde dürli ýyllarda geçirilen arheologik barlaglar barada söz açylýar. Awtoryň belleýşi ýaly, bu ýadygärligiň üstki böleginde 1947-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan barlag geçirilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýazuw ýadygärlikleriniň goraglylygyny üpjün etmek möhüm döwlet wezipeleriniň hatarynda durýar. Gaýtalanmajak taryhy maglumatlar hökmünde bu resminamalar wagtyň geçmegi bilen tebigy zaýalanmalara, çüýremelere sezewar bolýar. Awtoryň belleýşi ýaly, kagyzyň könelmegi bilen baglylykda, resminamalary öz wagtynda rejelemek we dikeltmek meseleleri has uly ähmiýete eýe bolýar.

Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» atly bölüm bilen jemlenýär. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dördünji çärýeginde bolup geçen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýän möhüm wakalar öz beýanyny tapýar.

«Miras» žurnalynyň sahypalarynda ýerleşdirilen köp sanly fotosuratlar makalalara goşmaça öwüşgin berýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegi ony dünýä ýurtlarynyň okyjylary üçin hem elýeterli edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info