Hünärmenler adam bedenini arassalamaga mümkinçilik berýän önümleriň sanawyny taýýarladylar.
Alma: Bu miwäniňiň düzümindäki peýdaly maddalar köp sanly mikrobedenjikleri arassalamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, almanyň düzümindäki witaminler wirusly keselleri ýeňip geçmäge kömek edýär.
Şugundyr: Bu gök önüm bagry arassalamaga kömek edýär, şonuň üçin hem, lukmanlar ony islendik görnüşde ulanmagy maslahat berýärler. Şugundyry gaýnadylan, bişirilen, dürli tagamlara we işdäaçarlara goşulan görnüşde iýmegiň peýdasynyň uludygy aýdylýar.
Kelem: Sowuklama garşy örän peýdalydyr. Aşgazan ýarasy bolan näsaglaryň nahar sanawyna goşulýar. Onuň düzümindäki süýt kislotasy içegäniň saglygyny dikeltmäge kömek edýär.
Sarymsak: Ganyň ýagdaýyny kadalaşdyrmaga kömek edýär, arassalaýar. Ol nikotiniň galyndylaryny bedenden aýyrýar.
Limon: Bedeni arassalamak üçin ýyly suwa limon suwuny goşmak maslahat berilýär. Bu bagry we ýüregi gowulandyrmak üçin ajaýyp iýmitdir. Limon böwrekde daş döremeginiň öňüni almaga hem kömek edýär.

