Gara çaý adam üçin peýdalydyr — ol antioksidantlara baý. Bu çaý ýüregi, gan damarlaryny berkidýär we nerw ulgamyny goldaýar.
Emma gara çaýa biraz täze ýa-da guradylan narpyz goşsaňyz, içgiňiz iki esse täsirli bolar. Narpyzdaky mentol we organiki kislotalar çaýyň peýdasyny artdyrýar, ony ýumşak edýär hem-de antiseptik häsiýetleri berýär.
Bu görnüşde gara çaý iýmit siňdirişi gowulandyrar, baş agyrysyny aýyrar, sowuklama garşy kömek edýär, hatda dem almagy hem ýeňilleşdirýär. Eger, ony agşam demleseňiz, ysy sizi rahatlandyrar we bedeniňize dynç berer.

