Biz gündelik durmuşda däneli iýmitleriň biri bolan tüwiniň ak görnüşini görýäris. Göräýmäge, suwy aşa köp talap edýän bu ösümligiň dänesi diňe ak reňkde bolaýjak ýaly. Emma tüwiniň sary, goňur, gyzgylt, hatda gara görnüşi hem bolýar. Eýsem, siz gara tüwi barada eşidipmidiňiz? Gara tüwiniň adaty tüwüden näme tapawudy barka?
Gara tüwi beýleki tüwülerden ýokumlylygy, süýjümtik tagamy we ýumşaklygy bilen tapawutlanýar. Müňlerçe ýyl bäri tüwiniň bu görnüşi Aziýa ýurtlarynda ekilip gelinýär. Hytaýda irki döwürlerde «gadagan tüwi» diýlip atlandyrylan gara tüwi elýetmez iýmit hasaplanypdyr. Hytaýlaryň ynançlaryna görä, gara tüwini diňe imperatoryň maşgalasy we baý emeldarlar iýmeli diýen garaýyş bolupdyr. Sebäbi tüwiniň bu görnüşini iýýän adamlar sagdyn bolýar we uzak ýaşaýar diýen ynanç bolupdyr. Häzirki wagtda hem hytaý halk lukmançylygynda hassalary bejermekde gara tüwi giňden ulanylýar.
Soňky ýyllarda gara tüwini islendik ýurtda we islendik restoranda görmek bolýar. Gara tüwi öňler işdäaçarlara goşulan bolsa, häzirki wagtda bu tüwüden dürli görnüşli tagamlar taýýarlanylýar.
Saglyga peýdasy
Gara tüwide önümiň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende, ýokumly maddalaryň has köpdügi tassyklanylýar. Esasan hem, öýjükleriň zeperlenmeginiň öňüni alýan antioksidant pigmentleri bar. Bu madda tüwiniň reňkine hem täsirini ýetirip, garamtyl reňk berýär. Gara tüwi görşi gowulandyrmakdan başlap, düwnük, süýji keseliniň we ýürek-damar ýetmezçilikleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Şeýle hem içegelerdäki ýokançlyklary azaltmaga kömek edýär. Gara tüwide E witamini, demir, kalsiý, kaliý ýaly maddalar, belok, süýüm we ýokary derejedäki antioksidant saklanýar.
Ak tüwä garanyňda, gara tüwini bişirmek üçin has kän wagt gerek bolýar. Şol sebäpli hem, gara tüwini ilki 30-60 minut çemesi suwda ezip goýmaly. Soňra taýýarlamak isleýän naharyňyza görä, gara tüwini 1 sagat töweregi bişirmeli. Gara tüwini gaýnatmak, gowurmak we buglamak arkaly dürli tagamlary taýýarlap bolýar. Köp ýurtda gara tüwi adaty tüwi bilen garylyp bişirilýär. Bişmedik gara tüwini howa geçmeýän gapda 6 aýa çenli saklap bolýar. Gara tüwi Hytaýda, Tailandda, Indoneziýada, Filippinlerde we Hindistanda ösdürilip ýetişdirilýär. Her ýyl dünýäde 500 million tonna gara tüwi öndürilýär.

