Görüşiňizi gowulandyrmak üçin näme etmeli? Geliň, bu ugurda häzirkizaman lukmançylygy tarapyndan delillendirilen käbir gönükmeleri bilelikde ýerine ýetireliň!
• Gorizontal göz hereketleri: sag we çep.
• Dik göz hereketleri ýokary we aşak.
• Töwerek göz hereketleri: sagadyň ugruna we sagadyň tersine.
• Gözleri güýçli, çalt gysmak we açmak.
• Diagonal göz hereketleri: aşaky çep burça, soňra göni ýokary seret. Ters ugra hem gaýtalaň.
• Gözleriňizi birleşdiriň. Munuň üçin barmagyňyzy burnuňyzyň köprüsine goýuň we oňa serediň — gözleriňiz aňsatlyk bilen «birleşer».
• Gözleriňiziň ýygy-ýygydan gyrpylmagy.
• Uzak aralykda göz bilen işlemek. Penjirä baryp, ýakyndaky, aýdyň görünýän jikme-jiklige üns bilen serediň: penjiräniň daşyndaky agaç şahasy ýa-da aýnadaky çyzyk. Aýna kiçijik kagyz tegelek ýelmeşdirip bilersiňiz. Soňra gözüňizi uzaklara gönükdiriň, mümkin boldugyça uzakdaky zatlary görmäge synanyşyň. Maşklar ilkinji günler 5 minutlap ýerine ýetirmeli, soňlugy bilen bu wagty 7 minuta ýetirseňiz hem bolar.

