Hakyky miwe: alymlar onlarça täze peýdaly maddalary açdylar

MilliInfo

13 Ýanwar, 2026

Başgaça «ýabany üzüm» diýlip atlandyrylýan bu ösümlik sowet döwründe bagbanlaryň arasynda örän giňden ýaýran miwe bolupdyr.

Ýakynda rus alymlary bu ösümligiň iki görnüşini öwrendiler we bu miwe üçin öň belli bolmadyk 40-dan gowrak peýdaly maddany açdylar. Şonuň üçin hem, ajaýyp ösümligi «super miwe» diýip atlandyryp bolar.

Alymlar bu ösümlikde 151 biologiki işjeň maddany açdylar. Şunlukda, lezzetli miwe derman we sagdyn iýmit önümçiliginde ulanylýan polifenollara örän baýdyr.

Ýabany üzümde çişe garşy häsiýetlere eýe bolan mirisetin bar. Onuň «Tomiçka» görnüşi peýdaly maddalara diýseň baý hasaplanýar. Mundan başga-da, şol peýdaly maddalaryň 30-sy diňe şu görnüşe mahsusdyr.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info