Möwsümleýin kesellerden goranalyň!

MilliInfo

19 Noýabr, 2025

Ýiti respirator keseli dem alyş ýollarynyň, ýagny agyz boşlugynyň, bokurdagyň, burnuň nemli bardalarynyň zeperlenmegi bilen ýüze çykýar. Bu keseli dörediji wiruslar köp görnüşli bolup, olar howa-damja ýoly bilen näsag asgyranda, üsgürende, golaý aralykda ýüzbe-ýüz gürleşilende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň, çagalaryň oýnaýan oýunjaklarynyň üsti bilen beýleki adamlara geçip bilýär. Bulardan başga-da, adamlaryň köp wagtyny ýelejiredilmeýän jaýlarda geçirmegi ýa-da otagyň penjirelerini, awtoulaglaryň aýnalary bir wagtda ikitaraplaýyn açylyp ýel çalanda, şeýle hem pasla görä geýnilmedik ýagdaýlarynda döreýär.

Adatça, bu kesel duýdansyz başlaýar. Hususan-da, bedeni gowşak adamlarda, çagalarda köp duş gelýär. Immuniteti pes adamda keselleriň gaýtalanyp durmagy hem ähtimaldyr. Sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän, sagdyn adamlar bolsa seýrek ýagdaýda şeýle dert bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Keselläýen halatlarynda-da, olar tiz sagalýarlar.

Otagda üzärlik tütetmek wiruslara garşy göreşmegiň ygtybarly usulydyr. Dermanlyk ösümlikler ýa-da sogan, sarymsak atylan gyzgyn bugdan dem almak hem peýdalydyr. Ýiti respirator keseli bilen kesellän hassalar Saglyk öýlerinde ýa-da hassahanalarda hereket edýän fizio otaglarynda bejergi alsalar, olar gysga wagtyň içinde duçar bolan dertlerinden saplanyp bilerler.

Kesellerden goranmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe-sport bilen yzygiderli meşgullanmaly. Nerw dartgynlylygyndan goranmaly. Pasyllara görä geýinmeli. Dogry iýmitlenip, arassaçylygyň kadalaryny doly berjaý etmeli. Bu düzgünler dogry we doly berjaý edilende adam bedeniniň kesele garşy goraýjylyk ukyby ýokarlanýar. Bu bolsa öz gezeginde sowuklamanyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar.

Janyňyz sag bolsun, eziz ildeşler!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info