Sagdyn bolmak üçin näme etmeli?

MilliInfo

22 Oktýabr, 2025

Iňlis lukmanlary sagdyn bolmak isleýänler üçin birnäçe peýdaly maslahatlary berdiler. Olaryň beren peýdaly maslahaty «The Independent» gazetinde çap edildi. Geliň, şol maslahatlar bilen tanyş bolalyň!

Sagdyn ýaşamak üçin etmeli zatlaryňyz:

  • Her gün birje diş sarymsak iýmeli. Sarymsak bedende kesel döredip biljek himiki maddalaryň derejesini 48 göterim peseldýär, şeýle hem beýniniň garramagynyň öňüni alýar we holesterini peseldýär.

  • Wagtly-wagtynda beden maşklaryny etmeli. Günde bir kilometr pyýada ýöremek ýa-da hepdede üç gezek ýeňil maşk etmek ýürek keselleriniň döremek howpuny azaldýar.

  • Ýeterlik derejede gök önümleri we miweleri iýmeli. Esasan hem, pomidor, gyzyl üzüm we brokkoli iýýänleriň ýürek agyry, düwnük we süýji keseli bilen kesellemek howpy peselýär.

  • Hepdede iň bolmanda bir gezek balyk iýmeli. Yzygiderli balyk iýmek ýürek keselleriniň döremek howpuny peseldýär. Mundan başga-da, balykdaky ýaglar immuniteti güýçlendirýär.

  • Aşa duzly iýmekden saklanmaly. Hünärmenler: «Artykmaç duz insult we ýürek kesellerini döredýär» diýip belleýärler. Günde 5 gramdan ýokary duz iýmek saglyga zyýanly hasaplanýar.

  • Günde hökman kofe içmeli. Geçirilen gözlegler günde iki käse kofe içmegiň düwnük keselini we öt haltadaky daş toplanma töwekgelçiligini 45 göterim azaldýandygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, kofeni aşa köp içmek ýokary gan basyşyna sebäp bolup biler.

  • Käwagt aýdyma hiňlenmeli! Lukmanlar aýdym aýtmagyň akyl we beden saglygy üçin peýdalydygyny aýdýarlar. Aýdym aýtmak rahatlandyrýar, depressiýanyň öňüni alýar we ömri uzaldýar.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo