Ýokary gan basyş adamlary barha köp aladalandyrýar we bu statistika, esasan hem, nädogry iýmitlenmek bilen baglanyşyklydyr.
Towuk, hindi guşy ýa-da balyk ýaly ýagsyz etleri iýmäge synanyşyň. Elbetde,sygyr eti hem iýmitiňize goşulyp bilner, ýöne gaty köp däl.
Naharlaryňyza duz ýa-da burç goşmazlyga çalşyň. Ilkibaşda kyn bolup biler, ýöne duzy näçe köp aýyrsaňyz, iýmitiňiziň hakyky tagamyny şonça-da artyk derejede duýarsyňyz.
Lukmanlaryň aýtmagyna görä, gaýnadylan we bişirilen iýmitler siziň iň gowy ýaranlaryňyzdyr. Şonuň üçin hem, bişirme usullaryny ulanmaga synanyşyň.
Içgi önümleriniň arasynda (elbetde, suwdan başga) ýaşyl we ösümlik çaýlaryny saýlamak iň gowusydyr. Bu önümler gara çaýdan we kofeden tapawutlylykda, gan basyşy ýokarlandyrmaýar. Mümkin boldugyça reňkli miweleri we gök önümleri iýiň, sebäbi olaryň her birinde dürli witaminler we beýleki peýdaly elementler bar.
Şeýle hem, iýmitiňize bukletleri, baklagilleri, miweleri we gök önümleri goşmaga synanyşyň.
