Stoluň başynda işleýänler üçin maslahatlar

MilliInfo

5 Noýabr, 2025

Köp adam iş sebäpli wagtynyň uly bölegini stoluň başynda geçirmeli bolýar. Käbirler bolsa uzak wagtlap kompýuterde işlemeli bolýar. Şeýle ýagdaýda şol bir hereket yzygiderli gaýtalanýar. Bilermenleriň maslahatyna görä, stoluň başynda oturylanda, bedeni dik, tirsek çala egilen ýagdaýda, goşar bolsagöni saklanmaly. Wagtal-wagtal ýeriňden turup, gezim etmeli, ýeňil maşk hereketlerini ýerine ýetirmeli. Bu maşkyň dowamlylygy 1-5 minut aralygynda bolmaly. Maşk edilende bedene agram salmazlyga, derlemezlige hem üns berilmeli. Derländen soňra serginledijili otagda oturmak saglyk bilen bagly nähoşluklaryň döremegine getirip biler. Ýeňil hereketler adamy derletmeýär, emma gan aýlanyşygyny çaltlandyryp, oňugranyň saglygy üçin peýdaly hasaplanýar. Şeýle hem zehiniňi açýar.

Oturan ýeriňde hem boýnuňy öňe egmek, eginiňi gezekli-gezegine iki gapdala öwürmek, iki eliňi ters birleşdirip, ýokary galdyrmak ýaly hereketleri ýerine ýetirip bolýar.
Stoluň başynda yzygiderli işlemeli bolýanlar işden soňra 15-20 minut ýörese hem peýdaly. Muny ýokarky gatda ýaşaýan bolsaňyz, liftden däl-de, basgançakdan çykmak, düşmeli duralgaňyzdan has öň düşüp, öýe ýöräp gitmek ýaly endikleri hemra edinmek bilen amal edip bolar. Şeýle etseňiz hemişe janyňyz sag, ruhuňyz belent bolar.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info