Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi: şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi

MilliInfo

30 Awgust, 2025

29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem degişli ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda, şu geçen döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 15-si kabul edildi. Şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 11-si tassyklanyldy.

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 7-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy guramaçylykly geçirildi we onuň jemleri boýunça Parlament ýüzlenmesi kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sekiz aýynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowyň hasabaty ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hakynda boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

 Wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda onuň gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri beýan edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň hasabaty onuň gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada boldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hem maglumat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň hasabatynda onuň gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada beýan edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesi açylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary we bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo