Düýn — 8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda Mejlisiň kararyny okady.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagyny uly sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüne bu sylagyň gowşurylmagynyň ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, berlen şeýle ýokary baha üçin mähriban halkymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasyny» taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowyň hasabatynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň tehnologik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowanyň hasabaty «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň hasabatynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler beýan edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny maksatnamalaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini bu hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

