Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi: Döwlet durumşynyň möhüm meselelerine seredildi

MilliInfo

6 Sentýabr, 2025

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi.

Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Wise-premýer B.Amanowyň hasabatynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçiligini has-da döwrebaplaşdyrmak, olarda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler beýan edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda täze senagat kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer N.Atagulyýewyň hasabatynda şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň hasabaty bolsa zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işlerden ybarat boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin we Pekin şäherlerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer M.Çakyýewiň hasabatynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler beýan edildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo