21-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň maslahaty esasynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasy barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Amanowyň hasabaty «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Wise-premýer N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowanyň hasabaty taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Wise-premýer M.Çakyýewiň hasabatynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek we logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada beýan edildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

