Düýn — 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Soňra Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Bu maglumatlar Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň hasabatynda beýan edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabaty oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada boldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
N.Atagulyýewiň hasabatynda şu ýylyň noýabr aýynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

