Adel ýatlama ýazmagy meýilleşdirýär

MilliInfo

16 sagat öň

Britan aýdymçysy Adel ilkinji terjimehal eserini çykarmaga taýýarlanýar. Maglumatlara görä, 37 ýaşly ýyldyz köp ýyllap uly neşirýat tekliplerinden ýüz öwreninden soň, birnäçe million dollarlyk şertnama baglaşdy.
Adel bu kitapda ilkinji gezek Tottenhamdaky çagalygyndan we abraýly mekdepde okan döwründen başlap, 16 sany «Grammy», 12 sany «BRIT Awards», «Oskar», «Emmi» we «Altyn globus» ýaly baýraklary getiren meşhurlyga uzaýan ýoly barada jikme-jik gürrüň berer. Mundan başga-da, meşhur sungat işgäriniň eserinde diňe bir professional üstünlikleri däl, eýsem, onuň şahsy durmuşy, eneligi, içki oý-pikirleri barada hem beýan ediler. Adel kitabynyň üstünde işlemekden başga-da, dünýä syýahat etmegiň we täze aýdym-sazlary çykarmagyň mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

 

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo