Çaýyň ýanyna 10 minutda taýýarlanýan süýjülik

MilliInfo

7 Oktýabr, 2026

Çaýyň ýanyna 10 minutda taýýarlanýan süýjülik

Öýde süýji iýesiňiz gelýär, ýöne uzyn resept üçin uzak wagt oturasyňyz gelenokmy? Onda bu ýönekeý süýjüligi synap görüň. Ony taýýarlamak üçin köp önüm hem, köp wagt hem gerek däl.

Gerekli önümler:

  • 2 sany banan

  • 100–120 g süle ýarmasy

  • 1 nahar çemçesi bal

  • 1 çaý çemçesi kakao

  • Bir çümmük darçyn

Taýýarlanyşy:

Bananlary çanakda gowyja ezýäris. Üstüne süle ýarmasyny, baly, kakaony we darçyny goşup, hemmesini garyşdyrýarys.

Taýýar garyndydan ownuk bölejikler alyp, elimiz bilen tegelek görnüş berýäris.

Soňra olary taýýar bolýança gyzdyrýarys. Şeýlelikde, çaýyň başyny lezzetini artdyrjak ýakymly we ajaýyp süýjüligimiz taýýar.

Iň gowy tarapy bolsa munuň üçin köp wagt gerek däl. Takmynan, 10 minutda taýýarlap bolýar.

Kiçijik maslahat: üstüne hoz, kokos ýa-da gara şokolad bölejiklerini goşsaňyz, onuň tagamy has-da baýlaşar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info