Gresiýanyň Tesaliýa sebitinde ýerleşýän «Meteora» adaty dag görnüşlerinden düýbünden tapawutlanýar. Bu ýerde ýüzlerçe metr beýiklige galýan äpet çäge daşly gaýalaryň depesinde gadymy monastyrlar ýerleşýär. Käbir gaýalaryň beýikligi 400 metrden hem geçýär.
«Meteora» sebitinde ilkinji dindarlar, takmynan XI asyrda gaýalaryň gowaklarynda we çuňluklarynda mesgen tutup başlapdyrlar. Soňra has beýik we ýetmesi kyn gaýalaryň üstünde monastyrlar gurlupdyr. Taryhy çeşmelere görä, bir wagtlar bu ýerde 24 monastyr bolupdyr. Häzirki wagtda olaryň altysy syýahatçylara açykdyr.
Monastyrlar gurlanda bu gaýalara çykmak örän kyn bolupdyr. Öňler olara ýetmek üçin merdiwanlardan, ýüplerden we ýörite göteriji torlardan peýdalanylypdyr. Häzirki wagtda bolsa birnäçe monastyra ýörite basgançaklar we ýollar arkaly baryp bolýar.
«Meteora» diňe taryhy binalary bilen däl, eýsem, tebigy görnüşi bilen hem tapawutlanýar. Ýel, ýagyş we millionlarça ýyllap dowam eden tebigy ýagdaýlar bu äpet gaýalary häzirki görnüşine getiripdir. Gaýalaryň arasynda ýerleşýän monastyrlar bolsa tebigat bilen taryhyň özboluşly birleşmesini döredýär.
1988-nji ýylda «Meteora» ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda bu ýer Gresiýanyň iň täsirli taryhy we tebigy ýerleriniň biri hökmünde syýahatçylaryň ünsüni çekýär.

Show more