Bu suraty görüp sen hem palladyňmy? Näme üçin bir adam pallanda, beýlekä hem geçýär?

MilliInfo

11 sagat öň

Bu suraty görüp sen hem palladyňmy? Näme üçin bir adam pallanda, beýlekä hem geçýär?

Bir adam pallasa, biraz wagtdan özümiziň hem pallan wagtymyz köpümize tanyş. Käwagt hatda biriniň diňe pallandygyny görmek ýa-da ol hakda pikir etmek hem bize täsir edip bilýär. Bu ýagdaýa «ýokuşýan pallama» diýilýär.

Alymlar pallamanyň näme üçin bir adamdan beýlekisine «geçýändigini» heniz doly düşündirip bilenoklar. Bellenilmegine görä munuň birnäçe sebäbi bolup biler. Olaryň arasynda adamlaryň biri-biriniň hereketlerini öz-özünden gaýtalamagy, üns we adamlaryň arasyndaky sosial baglanyşyk ýaly faktorlar bar.

Pallama diňe bir ýadaw wagtymyz ýüze çykmaýar. Adamlar ukudan öň ýa-da soň, içgysgynç bolanda ýa-da uzak wagtlap bir zada üns berende hem pallap bilerler.

Şeýle-de, pallamak barada giň ýaýran bir pikir bar: «Adam beýnisine kislorod ýetmese pallaýar» diýilýär. Emma häzirki ylmy maglumatlar bu düşündirişi doly goldamaýar.

Iň gyzykly ýeri bolsa şu ýagyny okap otyrkaňyz hem pallansyňyz, bu hem geň zat däl. Sebäbi diňe pallamak hakda pikir etmek ýa-da başga biriniň pallandygyny görmek käbir adamlarda şol reaksiýany döredip bilýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info