«Merilin Monro» atly barbi gurjagy çykaryldy

MilliInfo

6 sagat öň

«Merilin Monro» atly barbi gurjagy çykaryldy

«Mattel» kompaniýasy täze «Merilin Monro» atly barbi modelini çykardy. «Variety» žurnalynyň habaryna görä, gurjaklar 18-nji awgustda satuwa çykaryldy.

Gurjagyň geýimi «Gentlemen Prefer Blondes» (1953) atly mýuzikldaky Monronyň keşpleriniň birini täzeden döredýär. Aktrisa uly bagjykly we opera ellikleri bolan açyk gülgüne köýneginde filmiň bir sahnasynda «Diamonds Are a Girl's Best Friend» aýdymyny ýerine ýetiripdi.

«Merilin Monro» atly barbi gurjagy Monronyň doglan gününiň 100 ýyllygyny bellemek üçin çykaryldy. Täze barbi 81 dollara satylýar.

«Mattel» kompaniýasy 1990-njy ýyllardan bäri «Merilin Monro» gurjagyny öndürýär. 1997-nji ýylda kompaniýa aktrisanyň keşplerini görkezýän üç sany barbi” modelini çykardy: «Gentlemen Prefer Blondes» filmindäki gülgüne we gyzyl köýnekler, şeýle hem «The Seven Year Itch» filmindäki ak köýnek.

2002-nji ýylda «Mattel» Jon F.Kennediniň doglan gününde aktrisanyň «Doglan günüň bilen, jenap prezident» aýdymyny aýdanda geýen lybasyny gaýtalap, Monronyň keşbini janlandyran başga bir barbi modelini döretdi. 2009-njy ýylda barbi «Gentlemen Prefer Blondes» aýdymyndaky aktrisanyň başga bir görnüşi çykarylyp, ol altyn reňkli köýnekdedi.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info