«OpenAI» kompaniýasy emeli aňyň ösüşinde täze tapgyra gadam goýýar. Kompaniýanyň içinde geçirilen maslahatda «Spud» diýlip atlandyrylýan täze modeliň öňünden taýýarlyk döwrüniň tamamlanandygy habar berildi. Bu model geljekde has giň mümkinçilikli, umumy maksatly emeli aň (AGI) ulgamlarynyň döredilmegine esas bolup biler.
Şol bir wagtyň özünde hem, kompaniýanyň gurluşynda AGI tehnologiýalaryny ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin aýratyn bölüm döredildi. Bu ýagdaý «OpenAI» kompaniýasynyň öňki diňe ylmy barlaglara gönükdirilen strategiýasyndan çykyp, amaly çözgütlere has ýakynlaşýandygyny görkezýär.
Täze modeliň mümkinçilikleri ýokary hasaplanylýar. Ol ykdysadyýete, tehnologiýa we beýleki ugurlara düýpli täsir edip biler. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda modeliň tehniki aýratynlyklary doly açyklanmadyk ýagdaýynda galýar.
«OpenAI» birnäçe beýleki ugurlardan, şol sanda wideo dörediş taslamalaryndan ýüz öwrüp, esasy ünsüni has möhüm hasaplanýan ugurlara — dünýä modelleşdirmesine we robototehnika gönükdirdi.
Kompaniýanyň ýolbaşçylygy infrastruktura hem aýratyn üns berýär. Uly maglumat merkezleriniň gurluşygy we has güýçli hasaplaýyş mümkinçilikleriniň döredilmegi geljekki ösüşiň esasy bölekleriniň biri hasaplanylýar.

Show more