Dünýäde käbir şäherçeler bar — olar adaty ýaşaýyş ýeri däl-de, edil ertekiden alnan ýaly görünýär. Daglar, köller, tokaýlar we reňkli jaýlar bu ýerleri aýratyn bezeýär.
Galştat, Awstriýa
Daglaryň arasynda we kölüň kenarynda ýerleşýän bu kiçijik şäherçe öz asuda görnüşi bilen meşhur. Agaç jaýlary, dar köçeleri we daglaryň suwda görünýän şekili ony aýratyn owadan ýerleriň birine öwürýär.
Githorn, Niderlandlar
Bu ýerde adaty köçeleriň ýerine kanallar köp duş gelýär. Şäherçäniň köp böleginde adamlar kiçijik gaýyklar bilen hereket edýär. Suwuň iki tarapyndaky ýaşyl baglar we köne jaýlar Githorny ertekidäki ýaly görkezýär.
Reýne, Norwegiýa
Norwegiýanyň Lofoten adalarynda ýerleşýän bu kiçijik balykçylyk şäherçesi beýik daglaryň arasynda ýerleşýär. Reňkli agaç jaýlary bilen ak daglaryň utgaşmasy bu ýeriň esasy gözelligidir.
Kalmar, Fransiýa
Reňkli jaýlary, gülli penjireleri we kiçijik kanallary bilen tanalýan Kolmar Fransiýanyň iň owadan şäherçeleriniň biri hasaplanýar. Köçelerinde aýlanyp ýörkäň, adaty şäheri däl-de, kämil surat eserini synlaýan ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň.
Biberi, Angliýa
Köne daş jaýlary we ýaşyl tebigaty bilen tanalýan Biberi iňlis oba durmuşynyň nusgawy görnüşini ýatladýar. Kiçijik köçeleri we asuda atmosferasy bu ýeri aýratyn özüne çekiji edýär.
Tebigat bilen sazlaşyp duran şeýle ýerler bize gözelligiň diňe uly şäherlerde däl, kiçijik şäherçelerde hem bolup bilýändigini görkezýär.

Show more