Meşhur «Ýamanlygyň mesgeni» («Resident Evil» ýa-da «Обитель зла») filmi ýene-de ekrana dolanýar. Täze film 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda kinoteatrlarda görkezilip başlanar. Filmi režissýor Zak Kregger surata düşürdi.
Bu gezek wakalaryň merkezinde Braýan atly lukmançylyk kurýeri dur. Ol adaty iş güni diýip başlan wakanyň birden howply söweşe öwrülendigine göz ýetirýär. Indi ol diri galmak üçin dürli howplardan çykalga gözlemeli bolýar.
Täze film öňki «Ýamanlygyň mesgeni» filmleriniň göni dowamyny däl-de, seriýa üçin täze başlangyç hökmünde taýýarlanypdyr. Baş keşbi Awustin Abrams ýerine ýetirýär. Şeýle hem filmde Pauer Uolter Hauzer, Zak Çerri we Kali Reýis çykyş edýär.
Režissýor Zak Kregger filmiň meşhur kompýuter oýunlaryna has ýakyn duýulmagyny isläpdir. Şonuň üçin hem, bu filmde gahrymanlaryň goranmak üçin zerur serişdelerini we saglygyny tygşytlamaly bolýan dartgynly ýagdaýlary hem janlandyrylan.
Täze «Ýamanlygyň mesgeni» filmi 1 sagat 30 minut töweregi dowam edýär we esasan hem, gorkunç hem-de hereketli sahnalara daýanýar.

Show more