Bu pursady öňem ýaşap gördükmi?

Göwher MOLLAMYRADOWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

1 sagat öň

Bu pursady öňem ýaşap gördükmi?

Siz hiç haçan görmedik ýeriňizde durup, edil şol pursady öňem ýaşan ýaly duýup gördüňizmi? Daş-töwerekdäki zatlar, eşidýän sözleriňiz, hatda bolup geçýän wakalar hem size geň derejede tanyş görünýär. Emma bu pursadyň haçan bolandygyny ýadyňyza salyp bilmersiňiz. Bu täsin duýgy dežawýu diýlip atlandyrylýar.

Fransuz dilinden «öň görlen» diýlip terjime edilýän dežawýu köp adamlaryň başdan geçirýän psihologik hadysasydyr. Alymlar onuň sebäbini heniz doly düşündirip bilmese-de, bu ýagdaýyň beýniniň maglumatlary gaýtadan işleýşi we ýatkeşlik bilen baglanyşyklydygyny çaklaýarlar.

Dežawýu käte bize geljegi öňünden bilýän ýaly duýgy berýär. Emma bu täsir geljegi görmek ukybynyň subutnamasy däldir. Ol diňe adam beýnisiniň heniz doly öwrenilmedik aýratynlyklarynyň biridir.

Belki-de, dežawýunyň iň täsin tarapy onuň bir pursatlyk duýgy bolmagynda däl-de, bize hakykat bilen ýatkeşligiň arasyndaky araçägi duýdurýandygyndadyr. Ol göz açyp-ýumasy salymda ýitip gidýär, emma aňymyzda jogapsyz bir sowal galdyrýar: Eger bu pursat öň hiç haçan ýaşalmadyk bolsa, onda näme üçin ol bize şeýle tanyş?

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info