Ilon Mask: «Neuralink» birnäçe ýyldan hereket edip bilmeýän ysmaz adamlara ýöremäge mümkinçilik döreder

MilliInfo

9 Noýabr, 2026

Ilon Mask: «Neuralink» birnäçe ýyldan hereket edip bilmeýän ysmaz adamlara ýöremäge mümkinçilik döreder

Amerikaly telekeçi we «SpaceX» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask «Neuralink» kompaniýasynyň tehnologiýalarynyň birnäçe ýylyň dowamynda ysmazlyk derdine duçar bolan adamlara ýene-de ýöremek we ellerini ulanmak mümkinçiligini berjekdigini aýtdy. Bu barada ol «X» sosial torynda ýazdy.

«Neuralink» ýakyn ýyllarda ysmaz adamlara ýene-de ýöremäge we ellerini ulanmaga mümkinçilik döreder» — diýip, Mask öz paýlaşymynda bellik etdi.

Şeýle hem telekeçi görme ukybyny dikeltmäge niýetlenen «Blindsight» implantynyň hem taýýardygyny we ABŞ-nyň Iýmit önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik ediş edarasynyň (FDA) rugsadyna garaşýandygyny habar berdi. Maskyň sözlerine görä, bu çip hat-da doly kör bolan ýa-da ömründe hiç wagt görmedik adamlara-da görmäge mümkinçilik berip biler.

Ilon Mask tarapyndan 2016-njy ýylda düýbi tutulan «Neuralink» kompaniýasy adamyň beýnisini kompýuterler bilen sinhronlamak üçin neýroçipleri işläp düzýär. Kompaniýanyň esasy taslamalarynyň arasynda:

  • «Telepathy» — ysmaz adamlara diňe pikiriň güýji bilen tehnologiýalary dolandyrmaga mümkinçilik berýär;

  • «Blindsight» — doly kör ynsanlara görme ukybyny dikeltmäge niýetlenen ulgam;

  • Neýrologik we ruhy keselleri bejermek üçin neýrointerfeýsler hem bar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info