Käwagt bir aýdymyň diňe bir bölegini eşidýäris. Muňa garamazdan, birnäçe sagatdan soň hem şol saz kellämizde gaýtalanyp dur. Hatda ony bilgeşleýin diňlemesek-de, beýnimiz şol aýdymy täzeden «goýup» bilýär. Alymlar bu ýagdaýa «earworm», ýagny beýnimizde sazyň islegsiz gaýtalanmagy diýýärler.
Maglumatlara görä, käbir aýdymlaryň beýle «ýelmeşip galmagyna» olaryň saz gurluşy täsir edýär. Ýatda saklamak aňsat bolan owaz, gaýtalanýan bölekler we belli bir ritm aýdymyň beýnimizde has uzak galmagyna sebäp bolup biler. Şeýle aýdymlar, köplenç, tizräk tempde hem bolýar.
Mundan başga-da, aýdymy ýaňy-ýakynda köp eşitmek ýa-da onuň belli bir ýatlama bilen baglanyşykly bolmagy hem täsir edip biler. Käwagt bolsa aýdymyň özüne hiç hili dahyly bolmadyk bir zat — eşiden sözümiz, gören ýerimiz ýa-da başga bir ýagdaý şol sazy ýadymyza salyp bilýär.

Show more