Dünýäde surat ýaly görünýän köp ýer bar. Ýöne Peruwdaky «Vinicunca» dagy, hakykatdan hem, älemgoşar ýaly görünýär. Şonuň üçin hem, oňa «Älemgoşar dagy» ýa-da «Ýedi reňkli dag» diýilýär.
Dagyň üstünde gyzyl, sary, ýaşyl, ak we beýleki dürli reňkli zolaklary görmek bolýar. Bu reňkler surat bilen bezelenok — olar dagdaky dürli minerallaryň we gaýalaryň aýratynlyklary bilen bagly.
«Vinicunca» Peruwyň Kusko sebitinde, And daglarynyň arasynda ýerleşýär. Dagyň iň beýik nokady, takmynan, 5200 metr beýiklikde. Şonuň üçin hem, ol ýere barmak diňe bir owadan görnüşi görmek däl, eýsem, fiziki taýdan hem kyn syýahat bolup biler.
Bu dagyň reňkleri uzakdan has aýdyň görünýär. Gün şöhlesiniň düşüşine görä, dagyň reňkleri hem dürli görnüşde görnüp bilýär.
«Vinicunca» — tebigatyň özi tarapyndan dürli reňklere boýalan ýaly görünýän ajaýyp daglaryň biri.

Show more