Täze hepde käbir ýyldyz alamatlary üçin işde we maliýe babatda täze mümkinçilikleri getirip biler. Hepdäniň ilkinji günlerinde işleri tertibe salmak we başlan zatlaryňyzy dowam etdirmek üçin amatly şertler bar. 18-nji sentýabrda gepleşiklerde we möhüm kararlarda howlukmazlyk maslahat berilýär. Hepdäniň ahyrynda ýagdaýlara has giň we oňyn tarapdan garamak gowy bolup biler.
♈ Hamal (21-nji mart – 19-njy aprel)
Bu hepde iş we öý bilen bagly meseleleri tertibe salmak üçin gowy mümkinçilik döräp biler. Sabyrly hereket etseňiz, öňden bäri çözülmän duran bir işi ýerinden gozgap bilersiňiz. Gatnaşyklarda bolsa käbir sözlere aşa duýgurlyk bilen garamazlyk gowy bolar. Hepdäniň ahyrynda özüňize bolan ynamyňyz artar.
♉ Sowur (20-nji aprel – 20-nji maý)
Hepdäniň başynda duýgularyňyz has güýçli bolup biler we ýakyn adamlaryňyz bilen käbir meseleler açyk ara alnyp maslahatlaşylar. Işde sabyrly bolmak size garaşylmadyk peýda getirip biler. Maliýe babatda bolsa uly karar kabul etmezden öň hemme zady täzeden gözden geçirmek gowy. Gatnaşyklarda ynam esasy orny tutar.
♊ Jöwza (21-nji maý – 20-nji iýun)
Bu hepde gepleşikler we täze pikirler siziň üçin aýratyn möhüm bolup biler. Işde öňden bäri ara alnyp maslahatlaşylýan bir mesele boýunça çözgüdiň tapylmagy mümkin. Täze teklip ýa-da gyzykly habar hem gelip biler. Diňe möhüm kararlary howlukman kabul etmek gerek.
♋ Seretan (21-nji iýun – 22-nji iýul)
Öý we maşgala bilen bagly meseleler bu hepde esasy ünsüňizi çekip biler. Biraz sabyrlylyk bilen öňden bäri sizi binjalyk edýän meseläni çözüp bilersiňiz. Işde özüňize artykmaç ýük almajak boluň! Hepdäniň ahyrynda ýakynlaryňyz bilen hoş habar ýa-da ýakymly duşuşyk bolup biler.
♌ Eset (23-nji iýul – 22-nji awgust)
Bu hepde şahsy gatnaşyklarda käbir zatlar has aýdyň bolup biler. Kim bilen nähili gatnaşyk saklamak isleýändigiňize has gowy düşünersiňiz. Işde bolsa çylşyrymly işe ünsüňizi jemläp, ony üstünlikli tamamlamak mümkin. Maliýe bilen bagly garaşýan habaryňyzyň gowy bolmak ähtimallygy bar.
♍ Sünbüle (23-nji awgust – 22-nji sentýabr)
Bu hepde tertip-düzgün we meýilnama boýunça hereket etmek size uly kömek eder. Işde ownuk ýaly görünýän bir meseläniň soňunda möhüm netijä getirip biljekdigini görersiňiz. Maliýe babatda gereksiz çykdajylardan gaça durmak peýdaly. Şahsy durmuşda bolsa açyk gürrüňler köp zady ýerbe-ýer goýup biler.
♎ Mizan (23-nji sentýabr – 22-nji oktýabr)
Gepleşikler, duşuşyklar we täze tanyşlyklar üçin hereketli hepde bolup biler. Iş ýa-da hyzmatdaşlyk bilen bagly möhüm teklip gelip biler. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa duýgulary gizlemekden has köp açyk gürleşmek peýdaly bolar. Hepdäniň ahyrynda bir meselä başgaça garap, täze çözgüt tapyp bilersiňiz.
♏ Akrap (23-nji oktýabr – 21-nji noýabr)
Bu hepde duýgular we söýgi gatnaşyklary meýilnamalaryňyzda öň hatara çykyp biler. Täze tanyşlyk ýa-da öňden dowam edýän gatnaşyklaryň has-da ýakynlaşmagy mümkin. Işde bolsa arka meýilnamada alyp barýan işiňiziň netijesini görüp başlap bilersiňiz. Diňe aşa duýgurlyk sebäpli, ownuk meseleleri ulaltmazlyk gerek.
♐ Kowus (22-nji noýabr – 21-nji dekabr)
Hepdäniň başynda özüňiz bilen galyp, käbir zatlar barada çuňňur pikirlenmegiňiz mümkin. Soňra täze habar, gepleşik ýa-da duşuşyk ýagdaýy üýtgedip biler. Işde anyk maksat goýup, gereksiz zatlara güýjüňizi sarp etmezlik peýdaly. Hepdäniň ahyrynda bir karara has ynamly gelip bilersiňiz.
♑ Jedi (22-nji dekabr – 19-njy ýanwar)
Bu hepde jogapkärçilikli işler köp bolup biler, ýöne olaryň hötdesinden gelmek üçin ýeterlik güýjüňiz bolar. Işde tertipli hereket etmek gowy netijä getirer. Maliýe meselesinde uzak möhletli meýilnama düzmek üçin amatly wagt. Gatnaşyklarda bolsa öz pikirleriňizi gaty berk görnüşde öňe sürmezlik gowy bolar.
♒ Daluw (20-nji ýanwar – 18-nji fewral)
Täze pikirler we garaşylmadyk habarlar bu hepde siziň meýilnamalaryňyza täsir edip biler. Işde adaty bolmadyk çözgüt tapmak bilen özüňizi görkezip bilersiňiz. Dostlar ýa-da kärdeşler bilen möhüm bir gürrüň bolup biler. Maliýe meselesinde bolsa howlukmaç çykdajylardan saklanmak peýdaly.
♓ Hutlar (19-njy fewral – 20-nji mart)
Bu hepde duýgularyňyza has köp gulak asmagyňyz mümkin. Ýakyn adam bilen açyk gürrüň etmek öňden galan düşünişmezligi çözmäge kömek eder. Işde bolsa ownuk ädimler bilen öňe gitmek uly netijä getirip biler. Hepdäniň ahyrynda özüňiz üçin möhüm bolan bir mesele boýunça has aýdyň karar kabul edip bilersiňiz.

Show more