Telefonyň batareýasynyň göterimi azalýarmy? Munuň sebäbi käbir gündelik endikler bolup biler.
1. Telefonyňyzy aşa gyzdyrmak
Iň uly duşmanlaryň biri — ýokary temperatura. Telefony güýçli oýun wagtynda ýa-da yssy ýerde zarýada goýmak batareýa üçin gowy däl. Aýratyn-da, 35 °C-den ýokary temperaturada ulanmak ýa-da zarýadlamak batareýanyň ömrüne uzak möhletleýin täsir edip biler.
2. Telefona hemişe 100 %-e çenli zarýad bermek
Batareýany her gezek hökman 100%-e ýetirmek zerur däl. Häzirki telefonlarda batareýanyň ömrüni goramak üçin «Optimized Battery Charging» ýaly aýratynlyklar hem bar.
3. Batareýanyň ýygy-ýygydan doly gutarmagyna garaşmak
Telefon 1–2 %-e düşýänçä ulanmak hem gowy endik däl. Häzirki litiy-ion batareýalarda bölekleýin zarýadlamak batareýa zyýanly däldir.
4. Gyzgyn ýerde zarýada goýmak
Telefony maşynyň içinde, göni gün şöhlesiniň düşýän ýerinde ýa-da başga yssy ýerde zarýada goýmakdan gaça durmak gerek. Gyzgynlyk batareýanyň ömrüne ýaramaz täsir edýär.
5. Zarýad wagtynda telefony aşa gyzdyrmak
Telefon zarýad alýan wagty güýçli oýun oýnamak ýa-da köp energiýa talap edýän işleri ýerine ýetirmek onuň has gyzmagyna sebäp bolup biler. Batareýa gyzdygyça onuň könelmegi hem çaltlaşyp biler.
Şonuň üçin batareýanyň uzak wagt gowy işlemegini isleseňiz, telefony aşa gyzdyrmaň, yzygiderli 100 %-e ýetirmäge synanyşmaň we batareýanyň doly gutarmagyna garaşman, zarýada goýuň.

Show more