Magnit hadysasynyň täsirli günlerinde saglygyň erbetleşmeginiň öňüni almak üçin näme etmeli?

MilliInfo

4 sagat öň

Magnit hadysasynyň täsirli günlerinde saglygyň erbetleşmeginiň öňüni almak üçin näme etmeli?

Magnit hadysasynyň täsirli günlerinde duýgur adamlarda dem alyş agyrlaşýar, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işi gowşaýar. Adamlarda gowşaklyk, ysgynsyzlyk, akyl we fiziki zähmete ukybyň, ýatkeşligiň peselmegi, baş aýlanma, kellagyry, eşidişiň peselmegi, gan basyşynyň aşak düşmegi ýa-da ýokarlanmagy, üýtgäp durmagy, ukusyzlyk, gaharjaňlyk ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyna getirip biler.

Ilki bilen, arterial gan basyşyna hem-de ýüregiň urşuna gözegçilik edip durmaly.

Şeýle-de, aşakdaky düzgünleri doly berjaý etmeli.

Immuniteti pugtalandyrmak, gan aýlanyşy gowulandyrmak üçin her gün ir säher we agşam ýatmazdan öň daşarda gezelenç etmeli, egin-eşigiňiz ýeňil, rahat bolmaly. Gündelik ulanylýan arassa agyz suwunyň mukdaryny artdyrmaly, witaminlere, mikroelementlere baý azyk önümleri bilen iýmitlenmeli, iýmitiňizde süýt we süýt önümleri, ýagsyz mal eti, guş eti, balyk, gök önümler agdyklyk etmeli. Fiziki we akyl zähmetini dynç alyş bilen utgaşdyrmaly.

Ýeriň magnit hadysasynyň güýçli günlerinde duýgur adamlara, dowamly kesellerden, ýürek-damar we nerw kesellerinden ejir çekýän näsaglara howanyň üýtgäp durmagyna, howa maglumatlaryna we öz saglygyna ünsli bolmak maslahat berilýär. Howanyň täsiri bilen saglygyň erbetleşmegi ýüze çykanda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukmanyň maslahatyny doly we dogry berjaý etmeli. 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info