Müňlerçe ýylyň dowamynda dürli siwilizasiýalara mesgen bolan Anatoliýa özüniň gadymy syrlaryny açmagyny dowam etdirýär. Türkiýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän giň gerimli arheologik gazuw-agtaryşlaryň netijesinde alymlar gadymy döwre degişli hereket edýän çeşmelerden başlap, ýokary derejede saklanyp galan mermer heýkellere çenli köp sanly täsin tapyndylary ýüze çykarýarlar.
Iň täsirli taryhy ýerleriň hatarynda Burdur welaýatyndaky Kibyra we Sagalassos gadymy şäherleri bar. Bu ýerlerde syýahatçylar müňlerçe ýyl ozal bolşy ýaly, häzirki wagtda hem suw akýan dikeldilen gadymy çeşmeleri görüp bilerler.
Özünde 10 müň tomaşaçy ýerleşýän gladiator stadiony bilen meşhur bolan Kibyrada 2025-nji ýylda monumental derwezäniň golaýynda Rim imperatory Hadrianyň zeper ýetmedik iki heýkeli tapyldy. Sagalassosda geçirilen gazuw-agtaryşlarda bolsa ýaş ýigidi şekillendirýän, gadymy grekleriň tebigat hudaýy Pana degişli bolmagy ähtimal bolan heýkel, şeýle hem Artemidany, Aresi we Apollony şekillendirýän barelýefler ýüze çykaryldy.
Antaliýa welaýatyndaky gadymy Aspendos şäherinde «Gelejege miras» taslamasynyň çäklerinde beýikligi 2,20 metr bolan mermer heýkeller topary tapyldy. Onda lukmançylyk hudaýy Asklepiý we onuň ogly Telesfor şekillendirilýär. Tapyndy biziň eýýamymyzyň II asyrynyň soňky çärýegine degişli edilýär. Gadymy döwrüň meşhur Aspendos teatry bolsa tomus möwsüminde ýörite yşyklandyryş bilen gijelerine hem syýahatçylar üçin açyk bolýar.
Egeý sebitindäki gadymy Sardis şäherinde, ýagny Lidiýa patyşalygynyň paýtagty bolan Manisa welaýatynda, biziň eýýamymyzdan öňki V asyryň birinji ýarymyna degişli äpet ýaş ýigidiň heýkeli tapyldy. Beýikligi 2,2 metr bolan mermer heýkel örän gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr we ýakyn wagtda Manisa muzeýinde syýahatçylara görkeziler.

Show more