Eşikleri ýuwmazdan öň köýnekleri, balaklary we beýleki egin-eşikleri çöwürmek köp adamyň endigi. Ýöne munuň näme üçin gerekdigini bilýärsiňizmi?
Ilki bilen, eşigiň reňkini goramaga kömek edýär. Eşik ýuwlanda mata maşynyň içinde biri-birine we beýleki zatlara sürtülýär. Eşigi tersine öwürmek, ýagny çöwürmek onuň daşky ýüzüniň sürtülmesini azaldyp, reňkiniň uzak wagt gowy görünmegine kömek edip biler.
Ikinjiden, ýazgylary we bezegleri gorap bolýar. Köýnekçäniň üstündäki ýazgylar, suratlar ýa-da beýleki bezegler göni sürtülse, wagtyň geçmegi bilen könelip biler. Tersine öwürmek bolsa olaryň az sürtülmegine kömek edýär.
Üçünjiden, gara we goýy reňkli egin-eşiklerde bu aýratyn peýdaly bolup biler. Şeýle matalarda könelme we reňkiň üýtgemegi has tiz göze ilýär.
Emma ähli egin-eşigi hökmany suratda çöwürmek gerek däl. Esasy zat — egin-eşigiň ýuwmak boýunça görkezmelerini berjaý etmek.
Eşik ýuwlanda, esasan hem, gara reňkli, ýazgyly ýa-da bezegli egin-eşikleri çöwürmegi ýatdan çykarmaly däl. Bu kiçijik endik eşikleriň daşky görnüşini has uzak wagt saklamaga kömek edip biler.

Show more