Sagdyn durmuş barada 5 kitap

MilliInfo

1 sagat öň

Sagdyn durmuş barada 5 kitap

Saglyk — adam durmuşyndaky iň gymmatly baýlyklaryň biri. Şonuň üçin hem, gündelik durmuşda özümize dogry seretmek, iýmitlenişimize, ukymyza we hereketimize üns bermek möhümdir. Bu meseleler barada dürli ýurtlarda köp sanly kitaplar ýazylyp, okyjylara sagdyn endikleri durmuşa geçirmek barada dürli maslahatlar berilýär.

Şol kitaplaryň käbiri ylmy barlaglara, käbiri bolsa awtorlaryň uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribesine esaslanýar. Ine, sagdyn durmuş bilen gyzyklanýan okyjylar üçin gyzykly bolup biljek birnäçe kitap:

1. «Why We Sleep» — «Näme üçin uklaýarys?».

Awtory: Mathew Wolker.

Bu kitap ukynyň adam bedeni we beýni üçin näderejede möhümdigini düşündirýär. Awtor gowy ukynyň diňe dynç almak üçin däl, eýsem, ýatkeşlik, üns we umumy saglyk bilen hem baglanyşyklydygyny gürrüň berýär.

2. «Outlive» — «Uzak we sagdyn ýaşamak».

Awtory: Piter Atiýa.

Kitap uzak ýaşamakdan sagdyn ýaşamak has möhüm bolup biljekdigine ünsi çekýär. Onda hereket, iýmitlenmek, uky we gündelik endikler arkaly uzak möhletli saglyga üns bermegiň ýollary barada gürrüň edilýär.

3. «The Circadian Code» — «Biologik sagadyň kanuny».

Awtory: Satçin Panda.

Bu kitap bedeniň gije-gündizlik ritmi, ýagny biologik sagady barada. Uky, iýmitlenmek wagty we gündelik tertibiň bedeniň tebigy ritmi bilen nähili baglanyşýandygy düşündirilýär.

4. «How Not to Die» — «Nähili ýaşamaly we agyr keselleriň töwekgelçiligini azaltmaly?».

Awtory: Maýkl Greger.

Kitap iýmitlenişiň uzak möhletli saglyga täsiri barada köp sanly ylmy maglumatlara salgylanýar. Awtor gündelik iýmitde gök önümleriň, miweleriň, däneleriň we beýleki ösümlik önümleriniň ornuna aýratyn üns berýär.

5. «The Blue Zones Kitchen» — «Gök zolaklaryň aşhanasy».

Awtory: Dan Buwetner.

Bu kitap dünýäniň adamlary uzak we işjeň ýaşaýandygy bilen tanalýan sebitleriniň iýmitleniş däplerini öwrenýär. Onda dürli ýurtlaryň gündelik naharlary, iýmit endikleri we uzak ýaşamak bilen baglanyşykly durmuş aýratynlyklary barada gürrüň berilýär.

Bu kitaplaryň hemmesi bir zady görkezýär: sagdyn durmuş diňe bir iýmit bilen çäklenmeýär. Gowy uky, ýeterlik hereket, dogry iýmitlenmek we gündelik endikler hem adamyň özüni gowy duýmagyna uly täsir edýär.

Şonuň üçin hem, saglyk barada kitap okamak diňe täze maglumat almak däl, eýsem, öz gündelik endikleriňe başgaça seretmäge mümkinçilik hem bolup biler.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info