Çagalyk döwrümizde ata-enelerimiziň ellerimizi ýuwmagy tabşyrandygy hemmämiziň ýadymyzda bolsa gerek. Bir zady alanyňdan soň, dessine ony ýuwandygymyz bilen gyzyklanýardylar.
Emma, hakykatdan hem, ähli önümleri ýuwmak zerurmy ýa-da munuň möhüm bolmadyk wagtlary-da barmy? Bu sowala «Yumchief» kanalynda jogap berildi.
Miweleriň we gök önümleriň köpüsini ýyly suw bilen ýuwmak ýeterlik ýaly. Şeýle-de bolsa, gök önümleri has gowy arassalamak gerek. Olar ilki suwa çümdürilip, soňra ýuwulmaly.
Käbir adamlar suwa duz ýa-da sirke goşmagy maslahat berýärler. Bu miwelerden we gök önümlerden himiki maddalaryň yzlaryny has gowy aýyrýar.
«RBK Life» şetdalyň aýratyn ünsi talap edýändigini habar berdi. Olary iýmezden öň, dessine ýuwmaly. Eger şetdalylary saklamak isleseňiz, ilki ýyly suw bilen ýuwuň. Soňra bolsa miweleri gaýnag suw bilen ýuwmak maslahat berilýär.

Show more