Türkmen halkynyň milli saz gurallarynyň iň meşhurlarynyň biri bolan dutaryň gurluşy üç esasy bölekden — kädiden, gapakdan we sapdan ybaratdyr.
Dutaryň kädisi, esasan, tut agajyndan ýasalýar. Munuň üçin uzak ýyllap ösen tut agajy has gymmatly hasaplanýar. Kädi üçin diametri takmynan 60–70 santimetr bolan agaç saýlanyp, onuň içi dürli gurallar bilen köwülýär. Kädiniň gyrasynyň galyňlygy, takmynan, 1 santimetr, düýbüniň we ýeňse tarapynyň galyňlygy bolsa 1,5–2 santimetr töweregi bolýar. Kädi taýýar bolandan soň, ony şemal degmeýän we kölege ýerde guratmak maslahat berilýär.
Dutaryň gapagy hem tut agajyndan ýasalýar. Agaç ýukaldylyp, soňra tamdyr çogunda daglanýar. Gapagyň galyňlygy hem, takmynan, 1 santimetr bolýar. Agaç näçe köp ýaşan bolsa, onuň çyzyklary şonça inçe bolup, dutaryň owazynyň hiline hem täsir edýär.
Dutaryň sapy erik agajynyň göni şahalaryndan ýasalýar. Onuň uzynlygy, takmynan, 37 santimetr, dutaryň umumy uzynlygy bolsa 87 santimetr töweregi bolýar.
Ajaýyp saz guralynyň sapynda gulaklar, perde we beýleki bölekler ýerleşdirilýär. Soňra dutaryň kirişleri dakylýar. Kirişleriň görnüşi we galyňlygy dutaryň nähili ulanyljakdygyna bagly bolýar. Bagşylaryň ulanýan dutarlarynda has ýogyn, sazandalaryň dutarlarynda bolsa has inçe kirişleriň ulanylmagy amatly hasaplanýar.
Dutaryň gapagynda kirişleri göterip durýan kiçijik agaç bölegine «eşek» diýilýär. Onuň ýasalşynda, köplenç, tut ýa-da erik agajy ulanylýar. Bu bölek dutaryň sesiniň arassa we belent çykmagyna täsir edýär.
Bu guraly çygly ýerde ýa-da açyk howada sowuk, gar-ýagmyrly şertlerde saklamak onuň owazynyň üýtgemegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin hem, saz guralyny degişli şertlerde saklamak möhümdir.
Dutar türkmen halkynyň medeni durmuşynda aýratyn orun eýeleýän milli saz guraldyr. Onuň ýasalyş usuly, bu guralda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty nesilden-nesle geçip gelýän milli medeni mirasyň möhüm bölekleriniň biridir.

Show more