Ýaşlyk – bu diňe bir ýaş tapgyry däl-de, eýsem, bu ýürekdäki alaw, kalbyň ganatlanýan döwrüdir. Bu döwür – gözýetimiň giň, arzuwlaryň uly wagty. Adam ömründe ýaşlygyň tutýan orny örän uludyr. Ol döwür ömrüň iň tämiz we iň şugla saçýan sahypasydyr.
Ýaşlykda adam ýaşaýşa göýä täze dünýäni synlaýşy ýaly seredýär. Her bir täze günde täze mümkinçilikler açylýar. Näçe işleseň hem ýadamaýan, näçe synanyşsaň hem ruhdan düşmeýän, ýene-de synanyşmaga güýç berýän ýyllar – ýaşlyk döwri. Öňe gitmegiň, kämilleşmegiň, arzuwlaryň ugrunda göreşmegiň wagty hem, tüýs şu döwür.
Ýaşlyk ýyllarynda adam diňe bir özüni tanamaýar, eýsem, jemgyýeti, Watany, dünýäni tanap başlaýar. Uly maksatlaryň esaslary hem şu döwürde tutulýar. Ýaşlyk – bu ylmyň, sungatyň, döredijiligiň, üstünlikleriň başlanýan wagty. Pikirlenmäniň güýçlenýän, içki dünýäniň giňelýän wagty.
Emma ýaşlyk diňe güýmenje däldir. Bu döwürde her bir ýaş ynsan özüne, maşgalasyna, jemgyýetine we döwletine bolan borçlaryny hem duýmalydyr. Ýaşlykda gazanylan bilim, tejribe, edep geljekki durmuşyň özeni bolýar. Şonuň üçin hem, ýaşlyk döwri peýdaly zähmet, ruhuňy baýlaşdyrmak, Watana wepalylyk bilen bezelmelidir.
Her kim öz ýaşlygyna buýsanýar. Sebäbi şol döwürde edilen ähli işler, çekilen zähmetler bagtly geljegiň binýadyny gurýar. Ýaşlykda edilen gowy işleriň, gazanylan üstünlikleriň öwüşgini ömürboýy adam bilen bilelikde ýaşap, oňa güýç-kuwwat berýär.
Ajaýyp ýaşlyk – bu her bir ýaş ynsanyň ömrüniň iň möhüm bölegidir. Bu bagtdan dogry peýdalanmak, ony zähmet, söýgi, döredijilik bilen bezemek bolsa her birimiziň borjumyzdyr.
Ömrümiziň manysy gözbaşyny ýaşlygymyzyň şuglasyndan alýar. Şonuň üçin hem, ýaşlygyň gymmatyny bilip, ony manyly we pähim-parasatly geçirmek iň beýik üstünlikleriň biridir.
Show more