Beýik Hytaý diwary

MilliInfo

7 Awgust, 2026

Beýik Hytaý diwary

Eger Hytaýa syýahat etmekçi bolsaňyz, Beýik Hytaý diwaryna baryp görmek hökmandyr. Ol, hakykatdan hem, ýurduň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanýar. Bu gurluş diňe bir öz gözelligi bilen däl, eýsem, täsin binagärligi we köp sanly rowaýatlara esaslanýan taryhy bilen hem haýran galdyrýar. Mariýa Gagulina «Yandex.Travel» üçin ýazan makalasynda her bir syýahatçynyň diwar hakynda bilmeli aýratynlyklaryny düşündirýär.

Beýik Hytaý diwarynyň gurluşygy biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda, Hytaýyň söweşýän patyşalyklara bölünen döwründe başlandy. Ýurda demirgazykdan göçegçi hunlar yzygiderli hüjüm edýärdi we dürli ýerleri birleşdiren imperator Çin Şi Huang täze serhetleri goramak üçin ägirt uly gorag diwarlarynyň gurluşygyna badalga berdi.

Kem-kemden bu toprak haýatlary diwaryň berkidilen böleklerine öwrüldi, olar diňe goranmak üçin däl, eýsem, harytlaryň importyny we eksportyny gözegçilikde saklaýan gümrük bölümleri hökmünde hem hyzmat etdi. Biziň eýýamymyzdan öňki III asyra çenli diwaryň esasy ugry tamamlandy we onuň iň meşhur berkitmeleri Min neberesi döwründe guruldy.

Haýran galdyryjy zat, bu ägirt uly gurluş häzirki zaman tehnologiýasy bolmazdan, el bilen guruldy. Iş örän kyn we howpludy, gurluşyk meýdançasynda köp işçi aradan çykdy. Sanawlarda birnäçe ýüz müňden milliona çenli adam bellenilýär. Käbir rowaýatlarda aradan çykanlaryň diwaryň içine gömülendigi aýdylýa. «Skillbox» tarapyndan hödürlenýän maglumatlara görä, dürli döwürlerde ýurduň ilatynyň 20 %-ine golaýy gurluşyk işlerine gatnaşypdyr.

Diwaryň iň meşhur ýerlerini görmek isleýän bolsaňyz, ol ýere Pekinden awtobus ýa-da otly bilen özbaşdak baryp bilersiňiz. Köplenç, syýahatçylar paýtagtdan bary-ýogy 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän «Badaling» bölümine äkidilýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info