Tebigatda örän çalt ösýän ösümlikler bar. Olar köp däl we ösüş üçin aýratyn şertleri talap edýär. Şeýle çalt ösýän ösümlikleriň biri-de bambukdyr.
«SPACEWAY» kanalynda, esasan hem, Aziýada ösýän bu ösümlik hakynda maglumatlar toplumy hödürlenildi. Geliň, haýran galdyryjy san bilen başlalyň. Bambuk bir günde bir metre çenli ösüp bilýär. Göz öňüne getiriň: irden kiçijik bir ösümlige seredýärsiňiz, ertesi gün bolsa ol eýýäm sizden hem uzyn.
Elbetde, ähli bambuk görnüşleri şeýle çalt ösüşi görkezmeýär. Ortaça, işjeň ösüş tapgyrynda bu tizlik günde 60 santimetre çenli bolýar. Munuň nähili çaltdygyny has aýdyňlaşdyrmak üçin, bagyňyzda ösýän alma agajyny göz öňüne getiriň. Ol bir ýylda bary-ýogy 50 santimetr ösýär.
Bambugyň şeýle çalt ösüş ukyby onuň özboluşly gurluşy bilen baglanyşyklydyr. Ösümlikleriň meristem diýilýän bölegi bolup, onuň ösüş zolagy şol ýerde ýerleşýär. Bambukda her bir ösüş düwüniniň öz meristemasy bar. Bu onuň bir wagtyň özünde birnäçe nokada ösýändigini aňladýar.
Bambuklaryň sütünleri boş, ýagny ösümligiň dykyz özenine serişdeleri sarp etmegine zerurlyk ýok. Geň galdyryjy zat, boş gurluşyna garamazdan, bambuk örän berkdir. Aziýada ol gurluşyk materialy hökmünde hem ulanylýar.
Show more