- Dünýäniň 1738-nji ýylda döredilen ilkinji pizza restorany bolan «Antica Pizzeria Port’Alba» Italiýada häzir hem işleýär.
- Çagalar töweregindäkilere bir günüň dowamynda 300 sowal berýärler.
- Biz doglanymyzda iki zatdan gorkýarys: sesden we gykylykdan. Galan ähli gorkulary daşky gurşawdan öwrenýäris.
- Adamyň ýaşyna we kärine görä içýän kofesiniň mukdarynyň üýtgäp bilýändigini hünärmenler belläp geçýär. Şeýlelikde, geçirilen barlaglara görä, her gün 2-3 bulgur kofe içmek maslahat berilýär.
- Hüwiniň gözi hanasynyň içinde aýlanmaýar. Şonuň üçin hem, ol bir ýere seretjek bolsa, kellesini öwürmeli bolýar.
- Pil bökmegi başarmaýan ýeke-täk haýwandyr.
- Bäbeklerde 270-den gowrak süňk bolup, adam ulaldygyça, käbir süňkler birleşýär. Uly adamlaryň süňkleriň sany 220 töweregidir.
- Şotlandiýada «gar» sözüni başgaça 412 görnüşde aňladyp bolýar.
- Wagtyndan öň doglan çagalaryň 54 göterimi, adatça, çepbekeý bolýar.
- Adamyň barmaklary onuň ömründe ortaça 25 million gezek açylyp-ýumulýar.
- Adam bedeninde 5 sm uzynlykdaky çüý ýasamaga ýeterlik demir bardyr.
- Adamyň nerw süýümleri myşsa süýümlerine garanda, 20 esse artyk ýüki göterip bilýär.
- Asgyrmagyň tizligi sagatda 160 kilometre deňdir.
- Çarli Çaplin bir gezek assyrynlyk bilen «Çarli Çapline meňzeýänler» bäsleşigine gatnaşyp, 3-nji orny eýeläpdir.
- Adam bir ýylyň dowamynda ortaça 5 million gezek dem alýar.

Show more