Çaganyň adyny kim goýmaly?

MilliInfo

31 Ýanwar, 2026

Ene-atanyň edep-terbiýeden öňürti çagasynyň öňündäki borçlarynyň biri oňa mynasyp, owadan at dakmak. Täze perzendiň dünýä inmeziniň öňüsyrasyndaky günler has-da täsirli. Çünki köpleriň bilip ýa-da bilmän edýän hereketlerimiziň gözbaşynda ganymyza siňip giden düşünjeler, ýörelgeler ýatyr. «Ady owadan adamyň ykbaly hem owadan bolar» diýen söz müňýyllyklardan bäri ýörgünli.

Maşgalada täze bäbek dünýä inende, «Atasynyň adyny dakalyň!», «Ýok, ejesiniň goýan ady bolsun!» diýen ýaly çekişmeler başlanýar.

Eýsem, türkmençilikde çaga kim at dakmaly?

Ulynyň sarpasy öýüň berekedi. Biziň däp dessurymyzda maşgalada çaga at dakmak hukugy öýüň ýaşulysyna degişli bolupdyr. Perzende maşgaladaky iň uly adamyň makullan ady rowa görlüpdir. Şol bir wagtda beýleki maşgala agzalarynyň teklip eden atlary hem ünsden düşürilmändir. Her kimiň pikirine sylag-sarpa bilen garalypdyr. At dakmak däbi perzendiň dünýä inmeginden soňra onuň ömründäki ilkinji we iň manyly pursatdyr.

Çaga — ata-enäniň guwanjy

Ene-atanyň arzuwy. Çagany 9 aýlap göwresinde göteren ene we oňa hossar boljak kaka, elbetde, öz perzendine iň owadan ady dakmak isleýär. Bu olaryň tebigy hukugy. Iň esasy zat ýaňy dünýä inen çaganyň saglygynyň onuň adyndan has möhümdigini unutmaň. Esasy zat, şol çaganyň agzybir we mähirli maşgalada kemala gelmegidir.  

Çaga at saýlamak juda çylşyrymly mesele. Şonuň üçin hem, her bir çaganyň ady onuň ykbalyny bezesin!

Teswirler

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info